Täzelik CyberOne diýip atlandyrylýar. Görnüşe görä, ol mundan öň yglan edilen robot it CyberDog markasynyň bir bölegine meňzeýär.

Adama meňzeş bu roboty Xiaomi Robotics Lab topary tarapyndan işlenilip düzüldi. Enjamyň beýikligi 177 sm, agramy – 52 kg. Şol bir wagtyň özünde, androidiň hereket edýän ortaça tizligi sagatda 3,6 km derejede ýerleşýär.

CyberOne -iň sensorlaryň tutuş toplumyny alandygy we onuň kömegi bilen giňişliklerde üstünlik bilen ugruny kesgitläp bilýändigi, şeýle hem töweregindäki adamlary tanap we zerur bolan ýagdaýynda olara jogap berip bilýändigi habar berildi.

Robot gürleşmek, uly bolmadyk zatlary götermek we öýüň töwereginde ownuk işler etmek üçin ulanylyp bilner. Şol bir wagtyň özünde, hereket etmek üçin enjam Xiaomi Mi Sense proprirtar tehnologiýasyny ulanyp, otagda hakyky wagtda 3D rekonstruksiýasyny amala aşyrýar.

Häzirki wagtda enjamyň näçe wagtdan we haýsy bahadan elýeterli boljakdygy entek belli däl.