Xiaomi uly göwrümli tanyşdyrma dawarasyny geçirer. Onda biz Mi Pad 5 Pro täze planşetinu, şeýle hem Mix Fold 2” çeýe smartfonlaryň nobatdaky tapgyryny we Redmi K50 Extreme Edition gutarnykly flagmany görüp bileris.

Öňki paneliň şekillerini ilkinji gezek, IT-ägirdiň ýolbaşçysy Leý Szýun görkezdi. Ol degişli suraty çap etdi, suratda ulanyjynyň elinde garaşylýan täzeligi saklap oýun oýnaýan şekili bar.

Häzirki wagta çenli smartfonyň ýokary täzeleniş ýygylygy bilen 6,67 dýuýmlylyk OLED ekrany aljakdygy mälimdir. Öňki kamera ortada ýerleşýän kesişde ýerleşýär.0

Enjam iň ýokary derejeli “Snapdragon 8+ Gen 1” çipine esaslanar, şonuň netijesinde enjam eýýäm meşhur Geekbench hil synagynyň bir ýadroly rejimde 1339 bal, köp ýadroly rejiminde 4389 bal gazandy.