Günlerde bir gün uly tokaýa hojaýynçylyk edýän ýolbars syrkawlapdyr. Ol bir uly gowaga özüni atypdyr-da, şol ýerde ýatyberipdir. Awdan galan aç ýolbarsyň ýagdaýy agyrlaşmasa, gowulaşjak ýaly däldi. Muny aňan tokaýyň bir möjegi ýolbarsy daşyndan synlapdyr. Soňra kowumlaryny daşyna üýşüripdir-de, şeýle diýipdir:
— Şirimiz agyr syrkaw ýatyr, onuň ýazgydy ýüzünde, galynmasa gerek. Indi tokaýda bizden güýçli haýwan ýokdur.
Şeýlelik-de, tokaýa möjekler hojaýynçylyk edip başlapdyrlar. Olar gerek awunam awlapdyr, gerek dälinem. Günüň wagty-biwagty diýmän, aw awlap, keýpi-sapada gezipdirler. Bularyň derdinden şagaldyr tilkilere-de gün bolmandyr. Olar hem bulardan gaçyp gezmeli bolupdyrlar. Tokaý haýwanlarynyň arasynda uly başagaýlyk döräpdir.
Bir gün bir tilki möjeklerden gaçyp, gür çöplüge özüni urupdyr. Kowguçy möjekler çöplügiň ýanyna gelen wagty, bir şiriň aýylganç arlaýan sesi gelipdir. Bu sesi eşiden möjekler gorkudan ýaňa titreşipdirler, çyňsaşyp, guýruklaryny ýamyzlaryna gysyp, bu ýerden gaçyp gidipdirler. Şundan soň birnäçe gün tokaýda asudalyk bolupdyr. Bu ýagdaýa düşünen hälki tilki, goňşy tokaýa gidip, şol arlan şiriň gözlegine çykypdyr. Şiri tapyp, oňa edep bilen salam beripdir. Şir tilkiniň salamyny alypdyr-da:
— Sen biziň tokaýymyzyň tilkisi-hä däl, gorkman bu ýere nädip aýak basyp bildiň?! — diýipdir. Tilki:
— Şir aga, sizden uly bir zady haýyş etmäge geldim — diýipdir.
— Hany, aýt bakaly, eşideli!
— Biziň tokaýymyzyň golaýyna baryp, araky arlan ýeriňde, wagt-wagt arlap dursana, şir aga!
Bu geň haýyşa keýpiçag bolan şir gülüpdir-de, haýyşyň sebäbini sorapdyr. Onda tilki öz tokaýlarynda bolup geçýän ahwalaty birin-birin aýdyp beripdir. Ýagdaýa düşünen şir tilkä söz beripdir. Sözünde tapylyp, diýlen ýerde, wagt-wagt, edil gök gürlän ýaly edip arlapdyr.
Tilki pursatdan peýdalanyp, syrkaw şiri aýak üstüne galdyrmagyň ugruna çykypdyr. Ol şiriň ýanyna barypdyr. Tokaýyň düşen ýagdaýyny aýdyp, getirjek awlaryny iýmegi maslahat beripdir. Şir tilki awuny ýigrenýär eken. Şeýle-de bolsa, başga alajy bolman, onuň getiren awlaryny iýmeli bolupdyr.
Günler geçipdir, tilkiniň gündelik getirip duran awlary şiriň aýak üstüne galmagyna kömek edipdir.
Bir gün, säher bilen tokaýyň ortarasynda şiriň iniňi tikenekledýän arryldysy ýaňlanyp gidipdir…
Şondan soň bu tokaýda haýwanlaryň ata-baba öwrenişen adaty durmuşlary başlanyp, olar erkana ýaşapdyrlar.
Wagt-wagt şir sesini eşidip durmadyk möjekler azarmyş…
Iňlis dilinden terjime eden: Kakamyrat ATABAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 1-nji SKMD hünäriniň talyby.

RU












