Üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyza — özbaşdak ösüş ýoluna düşenimize 31 ýyl boldy. Şu ýyllaryň dowamynda hem Türkmenistan Diýarymyzda asyrlara barabar ägirt uly işler, özgertmeler amala aşyryldy. Şol özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde hem türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli özgerdi.
Garaşsyzlygyň halkymyza beren aýratyn bellenilip geçilmeli miweleriniň biri hem biziň milli medeniýetimiziň — milli däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň, urp-adatlarymyzyň gaýtarylyp berilmegidir. Halkymyz özbaşdak ösüş ýoluna gadam basansoň, ata-baba dowam edip gelýän ruhy ýörelgelere ygrarlylygyny dowam edip, milli medeniýetine eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň nusga alarlyk göreldesine eýerip hormatly Prezidentimiz il-ulsuň ýaşaýşyny gowulandyrmak, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak hakynda ýadawsyz alada edýär. Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp, ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalar, döwletli işler sanardan köpdür. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bilen bir hatarda ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ýüzlerçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň, döwlet berkararlygynyň baky nyşanydyr. Ata Watanymyzyň 31 ýylyň dowamynda «ak altyny», «gara altyny», «mawy altyny» öndürip, dünýä bazarlarynda öňdebaryjy orunlary eýelemegi, dünýäniň çar ýanyna uzap gidýän demir ýollaryny dost-doganlyk ýollaryna öwürmegi ýeten üstünlikleriniň sanawyny uzaltmaga başlangyçdyr.
Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän işleriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de has-da ýokarlanmagyna gönükdirilmegi döwlet syýasatynda halk baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny subut edýär. Häzirki döwürde amala aşyrylýan toplumlaýyn işler möhüm ähmiýetliligi bilen hem tapawutlanýar. «Giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, Garaşsyz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, ilkinji nobatda, halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň halkara abraýy hem belent derejelere göterilýär. Ynsanperwerlige hem hoşniýetlilige, dostluga hem parahatçylyk söýüjilige gönükdirilen daşary syýasatymyz bitaraplyk ýörelgelerimiz esasynda dabaralanýar.
Türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Guwançmyrat AGAMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby