Aziýa kubogyny almak ugrundaky nobatdaky 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky futbol ýaryşy 2024-nji ýylda Katar döwletinde geçiriler. Bu barada turkmenportal web saýty habar berýär.
AFK-nyň ýaryş komiteti tarapyndan, bu ýaryşy Katarda geçirmek boýunça karar 17-nji oktýabrda AFK-nyň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanar. Soňky maglumatlara görä ýaryşyň ýanwar aýynda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenýär.
Aziýa sebitinden 23 ýaşa çenli ýaşlary bir ýere jemleýän bu ýaryş 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär.
Kemal AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby