Türkiýäniň ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu, 2023-nji ýylda Stambul şäheriniň Türk dünýäsiniň ýaşlar paýtagty diýlip yglan edilendigi barada habar bilen Türkiýede geçirilen Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde geçirilen maslahatda çykyş etdi. Bu barada zamanturkmenistan web saýty habar berýär.
Ýaşlar paýtagty diýlip yglan edilen Stambul şäherinde, indiki ýylda ýaş telekeçileriň işleri we taslamalary bilen tanyşdyryljak birnäçe çäreler geçiriler.
Häzirki wagtda Türk dünýäsiniň ýaşlar paýtagty adyny Özbegistanyň Buhara şäheri göterýär.
Arslan HOJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby