“Mugallym ”  sözi gulaga ýakymly eşidilýän sözdir. Dünýäde iň hormatly käriň haýsydygy barada soralsa,  “mugallymçylyk ” diýip jogap bererdim. Sebäbi mugallym öwredýän ussat, öz ömrüni ylym we bilim öwretmek ýaly mukaddes işe bagyş  edýän beýik ynsandyr.

Her ýylyň 5-nji oktýabrynda “Halkara mugallymlar güni”  dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene 1994-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak döwletinde bellenilýär. Bu halkara güni ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerini ýatlamak maksady bilen döredilýär.

Bütindünýä mugallymlar  güni köp ýurtlarda dürli senelerde bellenilip geçilýär. Mysal üçin, Hytaýda 10-njy sentýabrda, Braziliýada 15-nji  oktýabrda,  Türkiýede 24-nji noýabrda, Malaýziýada 16-njy maýda bellenilýär.

Bu halkara gününde dünýäniň mugallymlaryny begendirmek üçin okuwçylar we talyplar gyzykly çäreleri guraýarlar. Şeyle hem bu günde konsertler guralýar we mugallymlara mugallymlara gutlaglar aýdylyp sowgatlar berilýär.

                                                   Sabyrowa Mamajan,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.