Iki taraplaýyn dost-doganlykly, medeni ynsanperwer gatnaşyklary saklaýan ýurtlarymyzyň biri bolan Ýaponiýa  Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Bu iş saparyň çäklerinde gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň wekilleri, bu dostlukly ýurduň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Şol sanda  Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiakini bilen hem duşuşyk geçirdi.

Baky bitarap garaşsyz ýurdumyz Türkmenistanyň teklibi bilen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” görnüşdäki dialogynyň öňe sürülmegi, munuň bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny ugur edinýändigi, parahatçylygy öňe ilerledýändigi, ynsanperwer ýol-ýörelgelere uly ähmiýet berýändigi giňden we doly açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda iki tarapyň hem ylalaşygy esasynda  Türkmen-ýapon dostluk toparynyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” görnüşdäki dialogynyň çäklerindäki çäreleri bilelikdäki geçirerler.

Dostlukly iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuna degişlidir. Bu ugurda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işleriniň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hyzmaty uludyr. Şunda parlament diplomatiýasyna wajyp orun berilýär.

Ýazmyrat GELDIMYRADOW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň talyby