Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri peder ýolunyň dowamata atarylýan ajaýyp zamanydyr. Mert pederleriň ruhuny kalbynda göterýän halkymyzyň geçmiş taryhyna bolan sarpasy hem beýikdir. Hormatly Prezidentimiziň: «Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir» diýen sözleri täze taryhy eýýamda Watana, halka ak ýürekden hyzmat eden milli gahrymanlarymyza, ruhy pederlerimize çäksiz sarpanyň beýanydyr.
Gökdepe galasyny goran ata-babalarymyzyň, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyralanmagy pederlerimiziň milli ýörelgelerinden gaýdýan däp-dessurlarynyň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň giňden bellenilmegi täze taryhy döwürde ýaşlary watansöýüjilik, ata-baba ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge mümkinçilik berýär. «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýlişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, Bitaraplygynyň düýp esaslarynyň ata-baba arzuwyndan binýat bolandygyny aýratyn bellemek möhümdir.
Ata Watanymyzyň paýtagtynda türkmen halkynyň taryhynda müdimilik yz galdyran wakalaryň mizemez sütüni hökmünde bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy nesilleriň arasyndaky özara baglanyşygyň beýanydyr. «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine her ýylda bellenilýän Hatyra gününde ildeşlerimiz tagzym edip, Watan gahrymanlaryna özleriniň synmaz sarpasyny beýan edýärler.
Hatyra gününde halkymyz Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ilhalar ynsan, edermen esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ýagty ýadygärligini hatyralaýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda Berdimuhamet mugallymyň şol agyr pursat başyna düşende-de, obadaky ýaş mugallymy halas etmegi tabşyrmagy her birimiz üçin nusgalyk hem-de tolgundyryjy pursatdyr. Sebäbi mert pederleriň durmuş ýoly häzirki döwrüň ýaşlary üçin nusgalyk mekdepdir, dowamata dowam bolýan asylly ýörelgedir.
Geçmişe sarpaly halkymyz bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanyny artdyryp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýän Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, röwşen geljegine bolan beýik ynam bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir» diýen joşgunly sözlerinden kalby ganatly ilimiz geçmişini sarpalap, mertlerini hatyralap, ýagty ertirlere ynamly gadam urýar. Bu beýik ynamy bolsa Hatyra gününde nesilleriň ata-baba ruhuna tagzymyndan, togabyndan aýdyň görmek bolýar.
Yhlas KERIMOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

RU












