6-njy oktýabr – Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine güýz gülleriniň çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde “baky ot” ýanyp dur. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertlik, harby borja wepalylyk, eziz Watanymyza çäksiz söýgini görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.

Eziz Watanymyz azatlyk, mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden ogullaryny we gyzlaryny hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Milletler Bileleşiginde öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka jaýyna gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralamaga «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gelenleriň ählisi bilen mähirli salamlaşýar. Soňra Türkmenistanyň müftüsi gurban bolanlaryň hatyrasyna tebärek çykdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!” diýip, arzuw etdi we sadaka gatnaşýanlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Meýlis Öwezdurdyýew

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň 4-nji talyby