7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem geldiler.
Bu gün Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň gün tertibi köp ugurlary, gazanylan ylalaşyklary, şol sanda döwletara derejedäki ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça wezipeleriň çözgüdini öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ençeme gezek GDA-nyň howandarlygynda möhüm duşuşyklaryň, forumlaryň we dürli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek. Ýurdumyz netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalşyp, hyzmatdaşlygyň täze, wajyp usullaryny işläp taýýarlamaga, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk teklipleri yzygiderli öňe sürýär.
Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ylym we bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda özara gatnaşyklar ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistan Arkalaşygyň döwletleri bilen bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesini toplap, ony mundan beýläk-de netijeli ulanmagy hem-de ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Ekologiýa hem özara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Ykdysady we durmuş ulgamlary bilen bilelikde, ekologiýa ölçegi-de Durnukly ösüş maksatlarynyň özara baglanyşykly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Häzirki wagtda ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge, howanyň üýtgemegine we onuň täsirini aradan aýyrmaga degişli meseleler aýratyn üns berilmegini talap edýär. Biziň ýurdumyz olaryň sazlaşykly çözgütlerini gözlemekde tagallalary birleşdirmäge saldamly goşant goşýar.
Şeýlelikde, GDA-nyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammiti Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi hem-de duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady.
Yhlas Ataýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň kafedra müdiri

RU












