Halkara sambo federasiýasy tarapyndan ýylyň-ýylyna geçirilip gelýän sambo boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde 1973-njy ýylda geçirildi. Federasiýa tarapyndan sambo sporty 1966-njy ýylda halkara göreş sporty diýip kabul edilýär. Sambo sportynyň iki sany görnüşi bolup, olar söweş sambosy we sport sambosydyr. Sambo sporty boýunça ýaryşlar erkekleriň we zenanlaryň arasynda dürli agram derejeler boýunça geçirilýär.

Sambo boýunça nobatdaky 47-nji dünýä çempionaty Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde, üstümizdäki ýylyň 11-13-nji noýabrynda geçiriler. Häzirki wagtda ýurtda bu iri çäräni ýokary derejede geçirmeklik üçin taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu gezekki geçiriljek çempionatda jemi 21 agram dereje boýunça tejribeli türgenler güýç synanyşarlar.

Geçen ýyl sambo boýunça dünýä çempionaty Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilip, oňa dünýäniň 49 döwletinden 341 sany türgeniň gatnaşandygy bellenýär.

Ezizgeldi SAPARNAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby