Ýylgyryş – islendik ynsany gözelleşdirýär. Her bir ýylgyryşyň aňyrsynda durmuşy gözelleşdirýän gudrat bar. Ýylgyryşyň, gülkiniň ynsan ömrüni uzaldýandygyny hemmämiz bilýäris. Ýylgyryş bagtlylygyň alamaty. Psihologlar sussupes ýagdaýda bolsaňyzda özüňizi ýylgyrmaga mejbur ediň, çünki ýylgyryş ynsany az wagtyň içinde ruhlanmagyna sebäp bolýandygyny maslahat berýär. Ýylgyrmak ynsany has özüne çekiji, şadyýan edýär we özüne bolan ynamyny güýçlendirýär. Alymlar ýylgyryşyň bir adamdan başga bir adama has çalt geçýändigini belleýärler. Diýmek, biz näçe köp ýylgyrsak, daş töweregimize hem şonça köp ýylgyryş paýlaýarys. Mundan başga-da, alymlar ýylgyryşyň 19 görnüşiniň bardygyny mälim etdiler. Adam ýylgyrynda 5-den 53-e çenli myşsa işjeň ýagdaýda bolýar. Ýylgyrmak ynsanyň immunitetiniň güýçlenmegine hem belli bir derejede täsirini ýetirýär.

Her ýylyň oktýabr aýynyň ilkinji anna güninde bütindünýä ýylgyryş güni bellenip geçilýär. Bütindünýä ýylgyryş güni ilkinji gezek 1999-nnjy ýylda bellenýär. Emma ýylgyrmagymyz üçin diňe bir bütindünýä güni wajyp däl, eýsem, islendik gün hem ýylgyrmagymyz üçin müňlerçe mümkinçilikler bar. Şonuň üçin ýylgyrmagyňyzy dowam ediň, çünki ýylgyranyňyzda durmuş has-da gözelleşýär…

A siz bu gün ýylgyrdyňyzmy?!