Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işlerinde uly öňegidişlikler gazanylýar. Häzirki zaman türkmen medeniýetinde türkmeniň milli ruhy dünýäsi, medeni mirasy, özboluşly dünýägaraýşy dizaýn sungatynda özüniň has-da kämil sepgitlerine ýetdi.  XXI asyryň başynda, dizaýnyň zatlary we giňişligi gözelleşdirmek we çeper bezemek diýlip kabul edilen düşünjäniň sungatdygy äşgär edildi.

Ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň döwrebap şäherleriniň hatarynda meşhurlyga eýedir. Aşgabat şäherimizdäki gurulýan binalar, olaryň çeper bezegleri dizaýn sungaty hünärleriniň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaňy-ýakynda hem Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde  Türkmenistanyň söwda senagat edarasynda “Dizaýn 2022” atly sergisi açylýar. Sergide ýurdumyzyň gözel künjekleriniň çeper bezegi, milli aýratynlyklary ussatlyk bilen ýokary derejede wasp edilip, hödürleniler. Dizaýn sungaty boýunça kämil ýaş hünärmenler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alyp, döwrebap ähmiýetli täze-täze binalaryň bezeg aýratynlyklary boýunça taslamalary ýerine ýetirip, halk köpçüligine sergilenýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň talyplary, uçurymlary täze çeperçilik iş usullaryny girizip, olary gaýtadan işläp, çeperçilik taýdan baýlaşdyryp, ýurdumyzyň çeperçilik we ymaratçylyk sungatynyň ösmegine öz täsirini ýetirmegi başarýarlar. Dizaýnerleriň maksady ykdysadyýeti ýokary galdyryp, öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda hiliniň, owadanlygynyň ýokary derejä ýetmegidir.

Gurulýan ak mermer jaýlary döwrebap, tygşytly, milli äheňde adamlar üçin amatly edip gurmak, olaryň bezeg işlerini we oňaýlylygyny berjaý etmek dizaýn sungatyny talap edýär. Ýaşaýyş jaýlary iş otagy, ýatylýan otag, çagalar üçin otag, naharhana, myhman otagy ýaly birnäçe böleklere bölünýär. Häzirki zaman jaýyň içgi bezeginde adam üçin amatly bolar ýaly dürli-dürli tehniki serişdeler, yşyklandyryjy enjamlar, kompýuterleşdirilen tehnikalar ulanylýar.

Häzirki zamanda Dizaýn sözüniň aýratyn, ýokary derejeli manysy ýüze çykdy we Türkmenistan döwletimiz özüniň Garaşsyzlygyny Bitaraplygyny alandan soň has ýokary depginde ösüp özgerip barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary okuw jaýlarynyň täze dünýä ülňülerine gabat gelýän binalarynda talyplaryň okuwlarynyň hilini ýokarlandyryp, okap, maksada okgunly, gujur-gaýratly ýaşlar bolup Ýurt baştutanymyzy il-halkymyzy begendirip okap, döwletimize öz goşantlaryny goşýarlar. Biz ýaş dizaýnerler gelejek-de sungat äleminde täze işlerimiz bilen öňe çykyp ýurdumyzy dünýä tanatmakda döwrebap taslamalaryň bezeglerini ýerine ýetireris diýip ynandyrýaryn.

Mähri Ýazmyradowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Dizaýn” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby