Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Mejlise Milli Geňeşiň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Onda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Gün tertibine laýyklykda, şu ýylyň dokuz aýynda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Ýangyç-energetika, senagat, gurluşyk, söwda, dokma, obasenagat toplumlarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda, daşary syýasatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hasabatlaryň özenini düzdi.
Şeýle-de Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabatlar diňlenildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içeri önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejede bolandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dokuz aýynyň görkezijileriniň ýurdumyzyň kesgitlenen maksatnamalara laýyklykda okgunly ösüşini dowam edýändigini görkezýändigini aýdyp, ähli ulgamlar boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglylykda degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlary şu gün ýurdumyzda giňden baýram edilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady hem-de baýramçylyk mynasybetli bu ulgamyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň 14-nji jildini ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Astan Astanow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby