Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işlerinde uly öňe gidişlikler gazanylyp, häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ösüşinde aýdyň ýüze çykýar. Indi türkmeniň milli ruhy dünýäsi, medeni mirasy, özboluşly dünýägaraýşy kemala geldi. Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsançlary, milli häsiýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Milli sungatyň hem iň täze görnüşi dizaýn sungatydyr.

Dizaýn – XX asyrda döredilen sungat görnüşleriniň iň üýtgeşigi we giň ýaýranydyr. Binagärçilikde dizaýnyň öňünde goýýan esasy üç sany maksady bolýar: owadanlyk, tygşytlylyk we amatlylyk. Adam aňynyň gün-günden kämilleşmegi netijesinde, ol islendik zadyň has kämil, ýokary derejede bolmagyny isleýär. Binagärlikde dizaýn diýlende göz öňüňde ilki bilen gözellik janlanýar. Gözellik biziň durmuşumyzda ulanylýan ähli zatlaryň bezegidir. Durmuşyň dürli ugurlarynda netijeli ösüşleriň gazanylmagy dizaýnerleriň işi bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

Dizaýn daş-töweregi gurşap alan zatlar dünýäsiniň gözellige ymtylýan adam isleglerini, häzirki zaman talaplaryna we mümkinçiliklerine gabat gelýän önümçilik bilen baglanyşdyryp bilýär. Bu günki gün jemgyýetde dizaýnerleriň eýeleýän orny düýpgöter tapawutlanýar we hünäre bolan zerurlyk ýylsaýyn däl, hatda günsaýyn artyp barýar. Bu barada bize hormatly Arkadagymyz: “Häzirki döwürde dizaýnerleriň işi ýokary isleg bildirilýän hünärleriň birine öwrüldi. Häzir dizaýnerler üçin örän uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzda gurulýan ähli binalaryň gözel keşpleri we amatly bolmagy üçin zerur şertler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa dizaýnerleriň işiniň hemişe köp boljakdygyny aňladýar” diýmek bilen, bu hünäriň näderejede möhümdigini, şeýle hem ýaş dizaýnerleri taýýarlamagyň wajyp ähmiýete eýedigini aýratyn nygtaýar.

Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň söwda senagaty edarasynda «Dizaýn — 2022» atly milli we döwrebap binalaryň taslamalarynyň sergisi açylýar. Häzirki döwrümiziň binagärçiligiň çeper bezegi, milli nagyşlary türkmen tebigatynyň haşam görnüşe geçiren owadan bezegleridir. Döwrebap binalarymyzyň bezeg aýratynlyklary dünýäde meşhurlyga eýe bolup, ajaýyp orunlara mynasyp boldy.

Dizaýnerler gelejekde ýurdumyzy gözel keşbe getirjek ýaş hünärmenlerdir. Türkmen sungatyny dünýä tanatmakda, özüniň gözbaşyny çuň gadymyýetden alyp gaýdan sungatyň häzirki günde has-da kämilleşip dünýä derejesinde döwrebaplaşan milli äheňlerini durmuşa girizmekde ýaş dizaýnerleriň bitirjek işleri örän ulydyr.  Biz ýaşlara dünýägaraýşymyzy giňeltmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys.

 

                                                             Puhanowa Züleýha

 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

 “Dizaýn” kafedrasynyň  3-nji ýyl talyby