Şu gün Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Bu desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ulag toplumynyň — onuň ähli pudaklarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny çalt ösdürmäge we düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyz aýratyn amatly geografik ýagdaýy eýeläp, sebit we yklym ähmiýetli möhüm logistik merkez hökmünde öz orunyny ynamly berkitmek bilen ählumumy bähbidiň hatyrasyna degişli ulgamda öz ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar.

Bellenilişi ýaly, demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasynda gurluşykda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Soňra ýörite bezelen baýramçylyk otly täze demir ýol köprüsinden ilkinji bolup geçdi. Köpriniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250, 750 we 562 metire deňdir. Onuň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen, demir ýol gurluşygynda ulanylýan gurluşyk önümleri hem-de Türkmenistanda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy.

Soňky ýyllarda ýurdymyzyň demir ýol ulaglary doly täzelendi, ýük wagonlarynyň, şol sanda ýüküni özi düşürýän dumkar wagonlaryň, bitum daşamak üçin bunker-wagonlaryň, nebit, sement we beýleki zatlary daşamak üçin çelek wagonlaryň 1 müňden gowragy, ýolagçy otlylar we teplowozlar üçin wagonlaryň köp sanlysy satyn alyndy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň logistik strategiýasy ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli toplumlarynyň hil taýdan täze ösüşini, olaryň özara gatnaşygyny hem-de haryt gatnawynyň hereketleriniň takyk sazlaşdyrylmagyny kesgitleýär.

Kemal Nurmämmedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyby