Dünýä halklarynyň senetçilik we amaly-haşam sungaty ýurdumyzyň gündogar sebitiniň merkezi şäherinde duşuşýar, şu gün Türkmenabatda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala badalga berildi.
Festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Eýrandan, Gazagystandan, Latwiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden we Özbegistandan milli senetçiligiň görnükli wekilleri Türkmenabat şäherine geldiler hem-de şäherdäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Gadymy türkmen topragy deňi-taýy bolmadyk meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Dünýä ýaň salan Jeýtunda, Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Merwde, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda senetçiligiň, ussaçylygyň, amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary, kämil görnüşleri ýüze çykypdyr, adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşupdyr. Biz şöhratly taryhymyzda orun alan senetçiligimiziň we milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşleriniň dünýäde giňden meşhurdygyna örän buýsanýarys. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan senetçilik hem-de amaly-haşam sungatymyzyň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi muňa aýdyň mysaldyr.”
Şu gün festiwalyň bütin dowamynda işlejek halkara sergä-de badalga berler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyryljak sergide ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň senetçilik, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan wekilleri iň gowy eserlerini görkezdi.
Festiwalyň çäklerinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte» atly çeper filminiň görkezilişi Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçiriler.
Welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaralara gatnaşyjylar «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän merkezinde milli lybaslaryň görkezilişine hem tomaşa edip bilerler. Festiwal daşary ýurtly senetçileriň türkmenistanly kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygyny, ussatlyk sapaklaryny hem öz içine alar.
Mahlasy, üç günläp dowam etjek festiwal dostlukly halklaryň milli mirasynyň özboluşly duşuşygyna öwrüler. Festiwalyň esasy meýilnamasyndan daşary, myhmanlar üçin gezelençlerdir beýleki medeni çäreler hem meýilleşdirilýär.
Serdar Rozyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyby