2-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meseleleri girizildi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyşy, şeýle hem ýetip gelýän baýrama görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde degişli gulluklar bilen bilelikde, şäheriň ilatynyň durmuş düzümini pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barlyşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany paýtagtymyzyň häkimligi boýunça guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, A.Aramowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak we A.Saparowy paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Soňra welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda galan hasyly doly ýygnap almak, ak ekinlere edilýän idegiň depginini we hilini ýokarlandyrmak, hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýerleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň ylym taýdan esaslandyrylan talaplaryna we ekerançylygyň medeniýetine doly gabat gelmelidigini belledi.
Pagta ýygymynyň üstünlikli tamamlanmagy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, şeýle hem ýazky ekişe görülýän taýýarlyk meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Öňde boljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.