Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, döwrebap ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamyň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýet aragatnaşyk hyzmatlary, awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, bank amallary boýunça tölegleri onlaýn arkaly amala aşyrmaga, uzak aralykdan işleri ýola goýmaga hem-de özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenilendir.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de olary ornaşdyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan IT-kompaniýalar döredildi. Şolaryň hatarynda «Sanly çözgüt — IT-meýdança», «Asman oky», «Berk ojak», «Türkmentehnogurluşyk», «Belgi», «Kuwwat merkezi» we beýlekileri belläp geçmek bolar. Olar Türkmenistanyň IT-hyzmatlary bazarynda birnäçe ýyl bäri üstünlikli iş alyp baryp, öz ugurlarynda oňyn tejribe topladylar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek arkaly olaryň işini kämilleşdirmek boýunça-da toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Elektron neşirler we web saýtlar diňe bir ýazuw maglumatlaryny däl, eýsem, ses ýazgylaryny, wideoşekilleri hem-de beýleki görnüşlerdäki maglumatlary hem halka ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, döwlet dolandyryşynda, bilim, maliýe we bank, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy babatda gazanylýan ösüşler her birimizi buýsandyrýar.
Gülşat BERDIMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby