Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Internetiň güýçli ösüp başlamagy pullaryň täze görnüşiniň döremegine sebäp boldy. Her bir adamyň oturan ýerinden kompýuterden ýa-da ykjam el telefonlaryndan islendik harytlaryny satyn almana islegleriň artmagy harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyny uzak aralykdan tölemegiň ýönekeý we amatly usulyny talap etdi.
1994-nji ýyldan soňra elektron nagt pullaryň atasy diýip atlandyrylan Jid Çaum Digi Cash ulgamynyň çäklerinde ilkinji elektron pullary çykaryp başlady. Elektron töleg ulgamlary Internet ulgamynda töleg amallaryny üpjün etmek üçin niýetlenendir. Şu pullaryň kömegi bilen domeniň ýa-da saýt üçin hostingiň, jemagat hyzmatlarynyň, ykjam aragatnaşygyň, kabel we hemra teleýaýlymynyň tölegini töläp, elektron dükanda satyn alnan harytlar, täjirçilik Web-saýtlary tarapyndan edilýän dürli tölegli hyzmatlar üçin töleg geçirip we beýleki birnäçe işleri ýerine ýetirip bolýar.
Nagt pullara garanyňda elektron pullaryň durmuşyzda döredýän ýeňillikleri:
Pullaryň çalt geçmegi (pul geçirmek birnäçe sekundy alýar);
Bölüniji bolýar – elektron pullaryň möçberi hiç bir kynçylyksyz ownuk bölekleriň islendik mukdaryna bölünip bilner;
Elektron pullaryň emissiýasynyň gymmaty örän pes – metal pullary (şaýy pul) ýasamak we kagyz pullary çap etmek, metaly, kagyzy we reňkleri we ş.m. peýdalanmak gerek bolmaýar;
Banklaryň komissiýasyna (hyzmat hakyna) deňeçer bolan köp bolmadyk komissiýa;
Anonimlik (ähli töleg ulgamlarynda hereket etmeýär);
Howpsuzlyk – ogurlanmadan, galp ýasalmadan, nominalyň üýtgedilmeginden we ş.m. goralýar, kriptografik we elektron serişdeler bilen üpjün edilýär.
Häzirki zaman ykdysadyýetinde elektron pullaryň iki esasy, ýagny smart kartlaryň (card-based) we torlaryň (network-based) binýadyndaky elektron pullary görkezip bolar.
Plastik kartlar – bu harytlaryň we hyzmatlaryň tölegini amala aşyrmaga, şeýle hem eliňe nagt pullary almaga mümkinçilik berýän töleg guralydyr. Plastik kartlaryň arasynda debet kartlary (kartyň saklaýjysy öňünden kartyň hasabyna pul serişdeleriniň belli bir möçberini geçirýär we hasaplaşyklary alyp barýar ýa-da geçirilen möçberiň çäklerinde puly saklaýar) we karz kartlary (kartyň saklaýjysy kartdaky çäklendirilen pul möçberiniň çäklerinde amallary geçirýär, şunda ol bu pul möçberiniň öwezini şertnamada kesgitlenen möhletde kartyň emitentine dolmaga borçludyr) tapawutlandyrýarlar.
Häzirki wagtda bank däl guramalar tarapyndan çykarylan we töleg amallaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän smart kartlar ýeterlik derejede giňden ýaýrandyr. Olar telefon, ulag, saglygy goraýyş we beýleki kartlardyr. Emma olaryň köpüsi bir maksatly, ýagny diňe bir kompaniýanyň peýdasyna hyzmatlaryň (harytlaryň) tölegini geçirmäge mümkinçilik berýän kartlar bolup durýar. Mysal üçin, dükanlarda beýleki kompaniýalaryň harytlary we hyzmatlary üçin telefon kartoçkasy ýa-da şäher ulaglary kartoçkasy bilen hasaplaşyk geçirmek mümkinçiligi peýda bolan mahalynda şu töleg guraly elektron pullaryň derejesine geçýär.
Elektron pullaryň hereket etmegi täze elektron töleg ulgamlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, olar dürli sarp edijileriň we söwda nokatlarynyň arasynda elektron gymmatyň geçirilmegini mümkin edýär.
Guwanjow Ylham,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň talyby.