Biziň ýurdumyz iri nebitgaz ýataklaryna baýdyr. Şoňa görä-de, iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine, gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň giňeldilmegine, diwersifikasiýalaşdyrylan turbageçiriji düzümleriň kemala gelmegine, innowasion häsiýetli, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernlerine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maliýe goldawyny bermek hakynda Kararyna laýyklykda, geljek iki ýylyň dowamynda nebitiň goşmaça möçberleriniň çykarylyşyny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna ýakyn ýyllarda tebigy gazyň, nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň meýilnamasyna laýyklykda, birnäçe nebitgaz ýataklarynda ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak, gaz geçirijileri çekmek işleri alnyp barylýar, Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän desgany doly kuwwatynda ulanmak babatda degişli tagallalar edilýär.
Tebigy gazyň tassyklanan gorlary babatda Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär hem-de Merkezi Aziýa sebitinde gazy daşary ýurtlara iberýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlary olary dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň möçberini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfaty ýaly önümleri öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda geljegiň ýangyjy hökmünde işlenilýän wodorodyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion bölegini ösdürmäge, eksportda ýokary goşulan bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistan tebigy gazyň has çuň we toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegine uly ähmiýet bermek bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna iberýän döwletleriň biri hökmünde ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eksportyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini ösdürmegiň hasabyna bu ugurdaky işiň netijeliliginiň has-da ýokarlanmagyny gazandy.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasatyň anyk häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri we amatly maýa goýum ýagdaýy nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Mahym Myradowa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy