Futbol bilermeni Pedro Almeýdanyň tassyklamagyna görä,ozal “Real”, “Mançester Ýunaýted” ýaly meşhur klublarda çykyş eden, häzirki wagtda MLS-iň “Inter Maýami” klubynyň ýolbaşçysy Dewid Bekhem “gyzyl şeýtanlar” diýip atlandyrylýan mankuinleriň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bilen amerikan klubuna geçmegi maslahatlaşdy. Bu çeşmäniň maglumat bermegine görä, portugal hüjümçisiniň gyşky transfer möwsüminde topara geçmek mümkinçiligi barada gürrüň gozgalýar.
Ronaldunyň topary terk etmek isleýändigi öň hem habar berilipdi. ESPN-niň habar bermegine görä, ýewropa klublary portugaliýaly oýunça isleg bildirmändir. Şunuň esasynda hem, Ronaldu beýleki yklymlara degişli bolan klublardan gelýän tekliplere hem garap başlamagy mümkin.
“Inter Maýami” Gündogar zolagynyň ýaryş tertipnamasynda bäşinji orny eýeleýär. Topar pleý-off çykmak üçin göreş alyp barýar.
Süleýman Hangeldiýew