Dünýäniň 25-den gowrak döwletinden 187 sany tejribeli türgenleri ber ýere jemlän, agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatyna Bahreýn döwletiniň paýtagty Manama şäherinde 6-njy oktýabrda badalga berildi. Çempionat adatdakylar ýaly aýallaryň we erkekleriň arasynda jemi 10 agram derejede geçirilýär.

Çempionatyň yzda galan günlerinde 45, 49, 55 we 61 kg agram derejeler boýunça ýeňijiler saýlandy. Bu çempionata biziň ýurdumyzdan hem 12 sany türgen gatnaşýar. Häzirki wagtda ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa 49 kg agramda çykyş edip bu ýaryşda bürünç medal gazanmagy başardy.

10 gün dowam etjek ýaryşlar 16-njy oktýabrda tamamlanar. Geçen ýyl agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty Özbegistanda geçirilipdi.