Ýaponiýanyň öň 7-nji oktýabrda Utinoura kosmodromynyň uçuş meýdançasyndan uçurylyşy meýilleşdirilen bortunda sekiz hemra bilen Epsilon raketa göterijisi indi 12-nji oktýabrda uçurylar. Bu barada Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözlegler agentligi (JAXA) habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.
“Epsilon raketa göterijisiniň altynjy uçuşynyň çäginde Innovative Satellite 3 missiýasynyň uçuş senesi hökmünde 12-nji oktýabr saýlandy” – diýlip, agentligiň habarynda aýdylýar.
Orbita Ýaponiýanyň ylmy we bilim edaralary tarapyndan işlenip düzülen we döredilen ýedi innowasion tehnologiýany we bäş kubsaty synagdan geçirmek üçin ulanyljak 110 kg agramly RAISE-3 hemrasyny çykarmak meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, agentligiň iQPS kompaniýasy bilen täjirçilik şertnamasynyň çäginde Ýeri uzak aralykdan zond bilen barlamak üçin aperturanyň radiolokasion sintez tehnologiýasyny ulanýan iki hemra – QPS-SAR-3 bilen QPS-SAR-4 uçurylar. Bu tehnologiýa enjamyň beýikligine, howa şertlerine we surata düşürilýän obýektiň yşyklandyrylyşyna garamazdan, Ýeri uzak aralykdan zond bilen ýokary durulykda barlamaga mümkinçilik berýär.