Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary şu ýylyň oktýabr aýynda Germaniýada geçiriljek halkara sergilere gatnaşarlar. Bu plastmassa we rezin önümleriniň halkara söwda sergisi 19-26-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Düsseldorf şäherinde «K-Plastik & Rubber» ady bilen geçiriler. Sergi plastmassa we rezin tehnikalary, çig mal materiallaryny we ýarym taýýar önümleri, tehniki bölekleri hem-de berkidilen plastmassa önümlerini öndürijileri bir ýere jemlär.
Şeýle söwda sergisi her üç ýyldan geçirilýär we täze önümleri görkezmek şeýle-de işewür gatnaşyklary mundan beýläkde ösdürmekde oňyn platforma bolup durýar.
Türkmen işewürleri diňe bu bilen çäklenmän 24-30-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Mýünhem şäherinde «John Deere Walldorf GmbH & Co.KG» kompaniýasy tarapyndan gurnalýan «BAUMA» sergisini hem gatnaşar. Serginiň çäklerinde wekiliýet kompaniýanyň dürli täzelikleri we zawody bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň türkmen işewür wekiliýeti 18-21-nji oktýabr aralygynda Eýranyň Maşat şäherinde geçiriljek lukmançylyk, stomatologiýa, kliniki we hassahana enjamlary we şular ýaly senagatlar boýunça, şeýle hem myhmanhanalaryň, restoranlaryň we kafeleriň taslamasyny taýýarlamak, gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça XVII halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu sergi «Barsaz Ruýdad Pars» kompaniýasy tarapyndan gurnalýar.
Aýjahan KURBANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy
hünäriniň 2-nji ýyllyk talyby.