Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň jemi içerki önümi 6,2 göterim artdy. Bu barada şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.
Berlen hasabat görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim artdy.
2022-nji ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 16 göterimine barabar boldy. Maýa goýum maksatnamasy 56 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 42,7 göterimi önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna, 57,3 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Jeren TEKÄÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyllyk talyby.