2023-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmek nobaty Gyrgyzystana geçer diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar berdi. Muny Interfax.ru ýetirýär.

“GDA-da başlyklyk etmek meselesine garaldy. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary 2023-nji ýylda Arkalaşykda Gyrgyzystan Respublikasynyň başlyklyk etmegi, Gazagystan Respublikasynyň we RF-iň bolsa bilelikde başlyklyk etmegi baradaky karara geldiler” – diýip, Lebedew GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň giňişleýin düzümde geçirilen mejlisinde aýtdy.

Ol Gyrgyzystanyň teklibi bilen GDA döwletleriniň baştutanlarynyň indiki mejlisini 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Bişkekde geçirmek kararyna gelnendigini hem nygtady.

Mundan başga-da, döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň karary bilen GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň häzirki başlygynyň ygtyýarlyklary ýene üç ýyl uzaldyldy.