Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Magtymguly, sözüm bilene sözdür» diýip ýöne ýere aýtmaýar. Akyldarlar her bir sözüni oýlanyşykly, ýerlikli, haýsydyr bir zada esaslanyp, salgylanyp aýdýarlar. Milli şahyrymyz hem öz döredijiliginde – şygyrlarynda haýsy-da bolsa bir zada esaslanýar. Onuň setirleriniň aňyrsynda bir waka, rowaýat, erteki ýa bir şahsyýet bilen bagly rowaýat ýatýar. Şonuň üçin hem, şahyryň şygyrlary biziň üçin syrly häsiýete geçýär. Şahyryň döredijiliginde Gündogaryň nusgalyk şahsyýetleriniň keşbi, olar bilen bagly wakalar delillik subutnama, aýdyň salgylanma bolup çykyş edýär.

Ajaýyp ömrüni we döredijiligini halkymyzyň berkarar döwletde ýaşamagyny arzuwlap ýazan çuňňur many-mazmunly goşgulary bilen ynsan köňlünde öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi biziň günlerimizde täze röwüşde has-da giňden öwrenilýär. Ussadyň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten goşgulary, ynsan köňlüniň nagşy bolup, bu günki günde bütin adamzadyň ruhy mirasyna öwrülýär.

Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, ynsanperwerlige ýugrulan dürdäne setirleri dünýä halklarynyň arasynda uly orun tutýar. Şol pähim-parasada ýugrulan goşgulary her gezek okanyňda, köňül dünýäň täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň umumadamzada degişli pikirlere baýdygyndan nyşandyr.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.