«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň rowaçlyklar bilen utgaşýan ajaýyp günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi we oňa Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagy ýaşlary jebisleşdirip, üstünlikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Merjen şäherimizde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu gurultaýyň dowamynda ýaşlar bilen baglanyşykly döwlet syýasaty boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de bu ugurda ýerine ýetirilen işler seljerildi.

Gurultaýda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi ýaş nesilleriň bagtyýar we abadan geljegi üçin ädilen möhüm ädimleriň biri boldy. Jemgyýetiň iň işjeň bölegini düzýän ýaşlaryň pikir-garaýyşlary çuňňur öwrenilip taýýarlanylan 10 bapdan, 57 maddadan ybarat bu kanunçylyk namasy ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bir hatarda, ylym-bilim, döredijilik, telekeçilik, maşgala babatda ýaşlarymyzy goldamagy we goramagy göz öňünde tutýar. Kanunda ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň kanunçylyk binýadyny döretmek maksady bilen, «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» atly täze babyň girizilmegi ýaşlaryň Watanyň belent gymmatlykdygyna düşünmegi babatda çuň mana eýedir.

Taryhy gurultaýyň yzysüre şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň dabaralanýan günlerinde Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi ata-babalarymyzyň «Bagtly ile toýlar goşa-goşadan gelýär» diýen aýtgysyny ýatlatdy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri hasaplanylýar. Döwlet Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan bize miras galan milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň bu maslahatda ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek barada täze başlangyçlary öňe sürmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmek, agzybir halkymyzyň abadançylygy we bagtyýarlygy üçin möhüm ähmiýeti bolan döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerine garalmagy abadan, agzybir, eşretli durmuşda ýaşamagymyz ugrunda beýik işleriň uly depgin bilen dowam etdiriljekdigine bolan belent ynamy döredýär.

Mahlasy, Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri we ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary bolsa geljekde ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek merdana nesillerdir. Biz hem Watanymyza, il-günümize wepaly nesli kemala getirmekde özümiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Maral BAÝJYKOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby