Ine, ýönekeý usullar bilen uly üýtgeşmeler döretmegiň birnäçe ýollary:
Durmuşda her günki gazananlaryňyza minnetdar boluň. Irden, gün başlamazdan ozal islän zadyňyzy bir depderçä ýazyň. Eger-de näme ýazjagyňyzy bilmeýän bolsaňyz, onda «bilemok» diýip ýazyň. Kelläňizdäki, arzuwlaryňyzdaky ýa-da bolmasa eliňizdäki zatlar barada pikir edip, birnäçe zatlary ýazyp bilersiňiz. Bu usul arkaly her gün amala aşyran işleriňizi ýatda saklap bilersiňiz.
Bedeniňizde has rahat duýuň. Ertirki maşk wagtyňyzy 10 minut uzaldyň. Eger yzygiderli maşk etmeýän bolsaňyz, hepdede üç gezek bary-ýogy 10 minut maşk ediň. Özüňiz üçin işleýän tertibi tapmak üçin her hepde türgenleşigiňize goşmaça on minut goşuň.
Durmuşyňyzdaky adamlar bilen täzeden baglanyşyň. Sosial mediadan bir hepde uzak duruň we «SMS ýazman» syýasatyna eýeriň. Adamlar, sosial media ýazgylaryňyz sebäpli durmuşyňyzda nämeleriň bolup geçýändigini bilýändirin öýdýärler. Şonuň üçin bu hakda soramak üçin seýrek jaň edýärler. Bir hepde bäri görmedik ýa-da eşitmedik dostlaryňyza jaň ediň. Olara jaň edeniňizde hökmany ýagdaýlaryny soramak üçin jaň edendigiňizi aýdyň.
Içgysgynç gündelik işleriňize üýtgeşmeler giriziň. Günler monoton bolup başlanda we aşa köp iş ýüküňiz sebäpli kän üýtgäp bilmeýän ýaly duýsaňyz, irden bütin gün duýup boljak kiçijik üýtgeşiklik ediň. Durmuşyňyza täze hoşboý ys girizmek baradaky ýönekeý pikir, hepdäni täze tejribe bilen başlaýan ýaly duýmagyňyza ýardam eder.
Täze bir zat öwreniň. Täze adamlar bilen tanyşyň, gürleşiň. Nätanyş adamlarda durmuşyňyzy tersine öwürmäge bolan güýç bardyr. Her bir adamyň aýdyp berjek bir hekaýasy, paýlaşmak üçin tejribeleri, tejribelerinden alan bilimleri we maslahatlary bar.
Özüňizi uly adam ýaly duýmagy bes ediň. Şenbe günüňizi 8 ýaşyňyzdaky gowy gören zadyňyz bilen geçiriň. Has dogrusy, näme isleseňiz şony hem ediň!
Durmuşyňyza üýtgeşmeler girizmegi, hut şu günden başlaň!
Gözel KULIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

RU












