Ispaniýanyň paýtagtynda howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň 25-nji maslahaty (COP25) geçirilýär. Maslahata 200 ýurtdan 25 müňe golaý myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

COP25 Madride 200 mln ýewro girdeji getirer. Girdejiler, esasan, myhmanhanalaryň we restoranlaryň dolmagynyň hasabyna ýygnalar. Çäräni geçirmek üçin çykdajylar bolsa, 50 mln-dan geçmez. Emma COP25-nyň geçirilmeginiň bähbidi diňe bir ýewroda ölçenilmeýär.

«Häzirki wagtda kompaniýalaryň ählisi öz işjeňliginiň howa nähili täsir edýändigi hem-de daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan işlerini sarp edijilerine nähili edip oňat düşündirip boljakdygy bilen aladalanýarlar. Adamlar planetamyzyň geljegi baradaky alada ýöne bir boş söz bolmadyk kompaniýalaryň önümlerini satyn almak isleýärler» – diýip Senagatçylar guramasynyň ispan konfederasiýasynda aýdýarlar.

Ispaniýanyň hökümeti BMG-niň maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin zerur bolan ähli tagallalary etjekdiklerini aýdýarlar.