“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okuw işinde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmak Konsepsiýanyň esasy wezipeleridir. Şonuň bilen birlikde-de, bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda bilim edaralaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär. Bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykylmagyny üpjün edýär.
Sanly bilimi ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de, bilim alýan talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny ýüze çykarýar. Mekdep okuwçylarydyr, talyplar okuw sapaklarynda, şeýle hem sapakdan daşary işlerde sanly bilimiň gazananlary, ondan peýdalanmagyň usullary hakynda düşünjelerini yzygider artdyrýarlar, innowasion gollanmalary we maksatnamalary öwrenýärler. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň bilimi kämilleşdirmekdäki hyzmatyny we ähmiýetini ylmy maslahatlaryň, sergileriň, onlaýn söhbetdeşlikleriň netijesinde ýaşlara düşündirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça işler ýörite düzülen meýilnamalar esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň innowasion tehnologiýalar bilen çalt depginde ösýändigine şaýatlyk edýär.
Guwanç ÇARYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby