Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, Diýarymyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklary gurluşyk materiallary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça ähli zerur bolan işler alnyp barylýar.

Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine, örän baý tebigy serişdeleriň doly derejede peýdalanylmagyna, sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulýar, häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri asyrlara barabar bitirilen işler hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Diňe Aşgabat şäherinde ýa-da welaýat merkezlerinde däl, eýsem, iň çetki obalarda hem ýaşaýyş jaý we medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurulýandygyny aýratyn bellemek möhümdir. Çünki munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri asyrlara barabar bitirilen işler hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amal edilen şeýle işler eziz Watanymyzyň ösüşlerine buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Gurluşyk-senagat toplumy, Türkmenistanyň baý çig mal serişdelerine hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan ägirt uly, egsilmez kuwwatyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasaty, durmuşa geçirýän işjeň halkara hyzmatdaşlyk ugry bilen utgaşyklykda eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegi hem-de rowaçlanmagy, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Akmyrat Meredow

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Binagärlikgurluşyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby