Geljek ýyl Britaniýanyň Liwerpul şäherinde geçiriljek “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine dört ýurt gatnaşmaz. Bu barada kino.rambler.ru belleýär.

13-nji oktýabrda Çernogoriýa bu bäsleşige gatnaşmakdan ýüz öwürdi. RTCG teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, ýurt ýokary çykdajylar sebäpli öz wekilini bäsleşige ibermez. Şondan soň Demirgazyk Makedoniýa-da Çernogoriýa goşuldy.

Bosniýa we Gersegowina, şeýle-de Bolgariýa hem 2023-nji ýyldaky “Ýewrowideniýä” gatnaşmazlyk kararyna geldi. Munuň resmi sebäbi “maliýe ýagdaýy” boldy.

“Ýewrowideniýe – 2023-de” çykyş edip bilmejek ýurtlaryň arasynda Rumyniýa hem bar. Häzirki wagtda ýurt bäsleşige gatnaşýanlaryň sanawynda, ýöne käbir maglumatlara görä, ol hem bu bäsleşige gatnaşmakdan ýüz öwrüp biler.