3-nji dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini maslahatlaşdy.
Mejlisde garaşsyz döwletimiziň durnuklylygyny saklamaga, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler.
Döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň serkerdeleriň syýasy, hünär hem-de hukuk taýýarlygyna, hüşgärligine, häzirki zaman ylymlaryndan we tehnologiýalaryndan baş çykarmak ukybyna baglydygyny belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, MHM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Goranmak ministri B.Gündogdyýewe sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary watançylyk hem-de Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetini belläp, goranmak ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri M.Çakyýewe ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, içeri işler edaralarynyň hukuk tertibini hem-de ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belledi.
Pyýada ýolagçylaryň hem-de ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşyklylygy gazanmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany içeri işler ministrine birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewe kazylaryň hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerinden ugur almalydygyny belläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de kazylaryň çykarýan çözgütleriniň kanunalaýyklygynyň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Baş prokuror B.Atdaýew prokuratura edaralarynyň işi, şol sanda hasabat döwründe aýry-aýry döwlet düzümlerinde geçirilen barlaglar barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe daşary döwletleriň degişli düzümleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, degişli ugurda öňdebaryjy tejribäni yzygiderli öwrenmegiň, umumy kabul edilen kadalary we ölçegleri ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowa işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy wezipeleriň biridigini belläp, gullugyň başlygyna bu babatda zerur işleri geçirmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.