1947-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda dünýä jemgyýetçiligini BMG-niň wezipeleri we alyp barýan işleri, guramanyň öňünde durýan wezipeler bilen giňişleýin tanyşdyrmak üçin 24-nji oktýabry BMG-niň güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýany kabul edilýär. 1971-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 24-nji oktýabrynyň BMG-niň halkara güni hökmünde bütin dünýäde umumy baýramçylyk bolmalydygy baradaky Rezolýusiýany kabul edilýär. Şunhň bilen baglylykda, häzirki wagtda 24-nji oktýabr BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ählisinde uly dabara bilen bellenilip gelinýär. Bu senede dünýäniň dürli künjeklerinde ýörite çäreler, şeýle-de BMG-niň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda halkara konsert we beýleki dabaralar geçirilýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan üçin Milletler Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlyk daşary syýasatyň iň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Muňa hemişlik Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy ösüşiň, adamzadyň abadan durmuşynyň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli onlarça Kararnamalaryň kabul edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Dünýäniň iň iri guramasynda ata Watanymyzyň şeýle abraýdan peýdalanmagy bolsa biziň her birimiz üçin diýseň buýsandyryjydyr.
Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dost-doganlyk mekanyna, halklary ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Sözümize aýdyň mysal hökmünde 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny görkezmek mümkin. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly wezipeleri öz öňünde goýýan bu merkeziň biziň mermer paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy ýurdumyzyň parahat söýüjilikli syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan mynasyp ykrar edilmegidir.
Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

RU












