Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny satyn alar. Bu barada «UzDaily» habarlar gullugy habar berýär. Habarda bellenilşine görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda ýurtlar energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda resmi saparda boldy. Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň hökümetleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda köptaraply türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksatly birnäçe resminamalara gol çekildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Gyrgyzystana hem 2 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny eksport etmegi barada şertnama gol çekilmegine garaşylýar. Türkmen elektrik energiýasynyň Gyrgyzystana eksporty Özbegistanyň üsti bilen amala aşyrylar. Häzirki wagtda Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda bu barada degişli şertnama taýýarlanylýar.
Güljan AŞYROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.