1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä maglumat güni hökmünde dünýä jemgyýetiçiliginde bellenilýär. 1992-nji ýylda Bütindünýä maglumat gününi bellemek boýunça ýörite informasiýa forumy geçirilýär. Forumdan soňra bu at bilen halkara gününi bellemek kararyna gelinýär.
Maglumat – adamzat durmuşynda örän möhüm rol oýnaýar. Özüniň görnüşi boýunça dilden, ýazuw görnüşinde ýa-da häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň kömegi bilen maglumatlary alyp bolýar. XX asyrda ylmyň we tehnikanyň çalt ösmegi netijesinde maglumatyň jemgyýetdäki tutýan orny has-da artdy. Jemgyýetiň ösmegi maglumatlaryň ýaýramagy bilen baglydyr.
Häzirki wagtda maglumatlary almak üçin dürli görnüşli birnäçe çeşmeler kän. Kitaplary, gazetdir-žurnallary okamak, telewizora tomaşa etmek arkaly maglumatlary alyp bolýar. Döwrüň ösmegi bilen jemgyýetiň maglumatlaryň operatiwligine bolan islegi hem artdy. Bu bolsa internetiň döremegine we soňabaka ol arkaly maglumatlary ýaýratmaklyga getirdi. Internet arkaly maglumat almak häzirki giňden ýaýrandyr. Web-saýtlar maglumat alyş-çalşyş babatynda iň operatiw usullaryň biri hasaplanýar.
Serdar JANMÜRZÄÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 1-nji GTD we GKS hünäriniň talyby.

RU












