Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda özygtyýarly ösüş ýyllarynda Gazagystanyň döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny nygtap, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň oňyn we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.