21-nji oktýabrda ýurdumyzda resmi saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine Alabaý atly türkmen alabaýyny sowgat berdi we onuň nesil ugry hakyndaky şahadatnamany gowşurdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, köp asyrlaryň dowamynda eýesine çäksiz wepalylyk, batyrgaýlyk we goramak başarnyklaryna eýe bolan alabaý itleri türkmenleriň diňe bir kömekçileri, ygtybarly goragçylary bolman, dosty we wepaly hemrasy hem bolupdyrlar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew köpasyrlyk türkmen-özbek dostluk gatnaşyklaryna ygrarlylygyň özboluşly nyşany bolan bu ajaýyp sowgat üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.