Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Gazagystanyň halkynyň durmuşynda örän möhüm bolan şu şanly günde ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar boýunça ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek biziň üçin ýakymlydyr. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhleti nazarlaýandygyny we netijeli häsiýete eýedigini uly kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, däp bolşy ýaly, açyklyk, özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýär” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.