Absolýut pälwanlaryň çempionatynyň (UFC) pälwany Hamzat Çimaýew indiki tutluşygyny 2023-nji ýylyň başynda geçirip biler. Bu barada penşenbe güni TASS-a türgeniň toparyndakylar gürrüň berdi.

Çimaýewiň  indiki göreşi barada Abu-Dabide gepleşik geçirjekdigi öňünden belli boldy.

“Entek orta agramlyk hakyndaky mesele açyklygyna galýar. Hamzat indiki tutluşygyny 2023-nji ýylyň başynda geçirip biler. Bu iň amatlysy. Garşydaşy heniz kesgitlenenok” – diýip agentligiň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Çimaýew öň orta agrama geçýändigi barada habar beripdi. Şunlukda, Çeçen Respublikasynda doglan türgen UFC-niň reýtinginde orta agyrlykdakylaryň arasynda üçünji ýeri eýeleýär. 28 ýaşly türgeniň çotunda garyşyk başa-baş göreşlerde (MMA)12 ýeňiş bolup, ýekejede ýeňliş ýok.