2-nji noýabrda Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşdy.

Wýaçeslaw Wolodin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan ägirt uly goşandyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini hem-de wekiliýetiň agzalaryny mübärekläp, iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, kanunçykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga oňat esas bolýan mümkinçilige şatdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle-de bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Taraplaryň pikirine görä, hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hem ylym-bilim ulgamyny döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Sport, ýaşlar syýasaty, gender deňligi meseleleri türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Çykyşynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin hoşlaşanlarynda, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine dostluk, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga iki tarapyň hem ygrarlydygyny tassykladylar.

Muhammethan Hommatow

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Binagärlikgurluşyk fakultetiniň talyby