Russiýanyň grossmeýsteri Ýan Nepomnýaşşiý Islandiýada geçýän Fişeriň küşti boýunça dünýä çempionatynda finala çykdy.
Ýarym finalda russiýaly türgen dünýä küşt täjiniň häzirki eýesi norwegiýaly türgen Magnus Kalseni utdy: Nepomnýaşşiý dört partiýadan üçüsinde ýeňiş gazandy.
Ýekşenbe güni geçjek finalda Nepomnýaşşiý ýarym finalda Nodirbek Abdusattorowdan (Özbegistan) üstün çykan amerikaly türgen Hikaru Nakamura bilen oýnar.
2023-nji ýylda Nepomnýaşşiý bäsdeşleriň turniriniň ýeňijisi hökmünde dünýä täjini almak ugrundaky oýunda Karlsen bilen oýnamalydy. Ýöne norwegiýaly türgen oýundan boýun gaçyrdy, netijede onuň ornuna bäsdeşleriň turnirinde ikinji bolan hytaýly türgen Din Ližen geçdi.
Fişeriň küşti partiýa başlamazdan öň mallary erkin (ýöne simmetriki) ýerleşdirilen klassiki küştdir. Şeýle wariant dünýäniň küşt boýunça 11-nji çempiony, amerikaly küştçi Robert Fişer tarapyndan girizilipdi.