1-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.
Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Russiýa resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde çykyş etmäge razylyk berendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle-de Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejede guralan Parlamentara forumyny geçirmek, sözüň doly manysynda, parlament gatnaşyklarynyň täze görnüşini — “Aşgabat görnüşini” döretmek baradaky başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn belledi.
Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygynyň özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan syýasy dialogyň örän durnuklylygy bilen tapawutlanýandygyny nygtady. Bu babatda, gürrüňsiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hyzmaty örän uludyr. Ol Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berýär. Russiýanyň Prezidentiniň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi bu bahasyna ýetip bolmajak goşandyň ykrarnamasydyr.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, parlamentara gatnaşyklar strategik türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine, çuňňur taryhy, medeni we ynsanperwer aragatnaşyklary bilen birleşen halklarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz rus tarapynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara topary döretmek baradaky teklibini goldaýandygyny aýtdy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyna laýyk gelýän bu başlangyjyň örän derwaýysdygyny nygtady.
Umuman, gepleşikleriň dowamynda türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary anyklaşdyryldy.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko duşuşygyň jemleri boýunça metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.