Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň milli mekdebi tarapyndan dürli bäsleşikleriň guralmagy dowam edýär. Giňişleýin aýtsak, ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdebimizde «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsümine badalga berildi. Has takygy, 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylarynyň göni we teleköpri arkaly gatnaşmaklarynda saýlap alyş test synagy geçirildi. Ýurdumyz boýunça 300-den gowrak mekdep okuwçysyny özünde jemlän test synaglary Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Balkan welaýaty boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde, Lebap welaýaty boýunça S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Mary welaýaty boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirildi.

Test synaglary dünýä taryhy we iňlis dili derslerinde taýýarlanan 50 sowaldan ybarat bolup, gatnaşyjylara olary çözmek üçin 60 minut wagt berildi. Saýlap alyş test synaglarynyň netijeleri boýunça öňe saýlanan 64 sany mekdep okuwçysy bäsleşigiň esasy tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Esasy tapgyrlara gatnaşmaga hukuk gazanan talyplaryň sanawy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi internet sahypasy bolan iirmfa.edu.tm web-saýty arkaly tanyşmak mümkin.

Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň umumy şygary «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» diýlip atlandyrylýar. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsümi saýlama oýunlarynyň 4-sinden, şeýle-de final oýnundan ybarat bolar. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň I oýny 2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda geçiriler.

Maglumat üçin, akyl-paýhas bäsleşiginiň saýlama oýunlarynyň her biri aýratyn tema bagyşlanylyp, olar şu aşakdakylardyr:

I tapgyr: «Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri»;

II tapgyr: «Gadymy Hytaý we Uzak Gündogar siwilizasiýalary: köpdürli medeniýetiň birleşdiriji kuwwaty»;

III tapgyr: «Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary»;

IV tapgyr: «Gadymy Ariý we Hindistan siwilizasiýalary: diplomatiýanyň ruhy-ahlak binýatlary».

Bäsleşigiň II möwsüminiň ýeňijilerini kesgitlejek final oýnunyň temasy jemleýji häsiýetli bolar we aýratyn kesgitlener.

Ýokary okuw mekdebimizde halkaraçy hünärmen bolmaga höwes edýänleriň arasynda döredijilik bäsleşigi hem yglan edildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyny wagyz etmek we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy: parahatçylygy döretmegiň ykrar edilen ýörelgesi» temasy boýunça geçirilýär.

Institutymyzyň web-saýtynda bellenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna düzmelerini ýollap bilerler. Bäsleşige hödürlenýän düzmelere aýratyn talaplar bildirilmeýär.

Düzme bäsleşiginiň netijeleri 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda eminler topary tarapyndan kesgitlener.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Toýly MYRATGELDIÝEW,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

žurnalistikasy fakultetiniň talyby.