Şu ýylyň 4 – 6-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi. Oňa Türkmenistandan Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Olimpiadada türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, şahsy hem-de toparlaýyn ýaryşlar boýunça jemi 7 sany altyn medal, 7 sany kümüş medal, 6 sany bürünç medal gazandylar. Altyn medallaryň ikisi Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna iň gowy çözüm tapandyklary üçin ýörite baýrak hökmünde berildi.

Şol sanda toparlaýyn bäsleşikde Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen topar kümüş medala, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen topar, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplaryndan bilelikde düzülen topar, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplaryndan bilelikde düzülen toparlar jemi 3 sany bürünç medala mynasyp boldular.
Halkara olimpiada 11 sany ýurtdan – Türkmenistandan, Awstriýadan, Germaniýadan, Polşadan, Russiýadan, Belarusdan, Slowakiýadan, Wengriýadan, Şweýsariýadan, Ukrainadan, Malaýziýadan jemi 35 sany ýokary okuw mekdebinden 180 sany talyp gatnaşdy.

Öwlýaguly Sähedow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň uly mugallymy