Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ata Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly hem-de deňhukukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň straetigki hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasy bilen alnyp barylýan hoşniýetli hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan ýokary derejedäki gatnaşyklary iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze mümkinçilikleri döredýär. Netijede, goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagallalar birleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasy bilen alyp barýan döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolup, dostluk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen wekiliýetiniň ýakynda Russiýa Federasiýasyna bolan saparynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda hem duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet Dumasynda geçiren duşuşygynyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi ikuçsuzdyr.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bolan duşuşygynyň hem-de onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň özara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda zerur ähmiýete eýe bolandygyny nygtamak gerek. Sebäbi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän daşary syýasat strategiýasy dünýä halklaryny dostluga, parahatçylyga, ynsanperwerlige, birek-birege ynanyşmaga hem-de özara hormat goýmaga çagyrýar. Ol şol bir wagtyň özünde-de dünýäniň islendik döwleti bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran bu resmi sapary netijeli bolup, onda Federasiýa Geňeşiniň we Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi taryhy ähmiýete eýedir. Biziň üçin buýsandyryjy tarapy Gahryman Arkadagymyzyň başutanlygyndaky bu sapara türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem gatnaşyp, onuň dowamynda ýokary derejedäki duşuşyklara şaýat boldular, şeýle-de TASS habarlar agentliginde, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde myhmançylykda boldular. Bu biziň ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe mekdebi boldy.
Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak arkaly, tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk we döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri uly üstünliklere beslensin!
Zebo Joraýewa,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

RU












