Islendik döwletiň we jemgyýetiň hukuk taýdan parahatçylygynyň we ösüşiniň özgermegi üçin ylym we bilimiň kämilleşmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Ylym-jemgyýetiň parahatçylygynyň hem ösüşiniň aýdyň ýoluny açyp görkezýän gyzyldan hem gymmatly kämilleşmegiň ýoludyr. Parahatçylygyň bar ýerinde bolsa, ösüş hem bardyr. Parahat yaşaýan döwlet ösýär, özgerýär, ylym bolsa kämilleşýär. Ylmyň kämilleşmegi islendik bir ýurduň geljegi üçin örän wajypdyr. Diýmek, parahatçylygyň bar ýerinde ösüşiň dostlukly gatnaşyklar hem bardyr. Hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegi bolsa halkara gatnaşyklaryň hukuk taýdan ösmegini aňladýar. 1999-njy ýylda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet hakyndaky guramasynyň alyp barmagynda Halkara ylym konferensiýasynyň, geçirilmegi bilen ÝUNESKO tarapyndan parahatçylyk we ösüş üçin Halkara ylymlar güni tassyklanyldy. Halkara ylymlar güni ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň goldamagynda 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda geçirildi.
Şondan bäri, her ýylyň 10-njy noýabry Parahatçylyk we ösüş üçin Halkara ylymlar güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär.
Döwletowa Zilola,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.